TMT Consulting Group

TÜRKMENISTAN TÄZELIKLERI

Türkmenistan täzelikleri, Aşgabatdaky işewürlik wakalary, forumlar, maýa goýumlar we TMT Consulting Group täzelikleri.
Durnukly geljegiñ gurluşy: "Ojar Aziýa" HK-niñ Türkmenistanyñ şäherleriniñ ösüşine goşýan goşandy
27.06.2025
Durnukly geljegiñ gurluşy: "Ojar Aziýa" HK-niñ Türkmenistanyñ şäherleriniñ ösüşine goşýan goşandy

Islendik bir şäheri ýaşaýyş üçin döwrebap we rahat edýän zatlar näme-kä? Jogaby diñe bir binagärlikde däl-de, eýsem gurluşyk filosofiýasynda jemlenen. Eýýäm 17 ýyldan bäri "Ojar Aziýa" hususy kärhanasy Türkmenistanyñ şäherleriniñ keşbini üýtgedip, ägirt uly taslamalary täsirli hakykata öwürýär.



Tehnologiýalaryñ we däp-dessurlaryñ sazlaşygy



Şu günki gün "Ojar Aziýa" bu ýöne bir gurluşyk kompaniýasy däldir. Bu innowasiýalary ornaşdyrýan, häzirki zaman tehnologiýalaryny milli binagärlik däpleri bilen sazlaşykly utgaşdyrýan öñdebaryjy kärhanadyr. Öñdebaryjy taslama usullaryny we energiýa tygşytlaýjy çözgütleri ulanmak bilen, kärhana şäher keşbini bezeýän hem-de şol bir wagtyñ özünde durnukly ösüşiñ möhüm talaplaryna laýyk gelýän desgalary gurýar.



Şäher gurşawy: döwrebap ýaşaýyş jaýlary we durmuş infrastruktura desgalary



Ýaşaýyş jaýlaryñ gurluşygy kompaniýanyñ işiniñ esasy ugurlarynyñ biri bolmagynda galýar. Mary şäherinde "Ojar Aziýa" gerimli taslamalary durmuşa geçirdi. Olaryñ içinde 1000-den gowrak döwrebap jaýlar, 200-den köp kottedj jaýlary, şeýle hem şäher gurşawyna sazlaşykly ýerleşdirilen söwda we bilim maksatly binalary bar.



Aşgabatda kompaniýa 1500-den gowrak ýaşaýyş jaýlary gurup, paýtagtymyzyñ infrastrukturasyna möhüm goşant goşdy. Bu taslamalar diñe bir şäher gurşawynyñ hilini we rahatlygyny ýokarlandyrman, eýsem derwaýys durmuş meselelerini çözmäge hem ýardam etdi.



Ulag infrastrukturasy: geljegiñ ýollary



Şäherleriñ ösüşi döwrebap ulag ulgamsyz mümkin däl. "Ojar Aziýa" bolsa bu wezipäni öz üstüne alýar. Ýaşaýyş jaý gurluşygy bilen deñ derejede kompaniýa awtomobil ýollaryny gurmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalary işjeñ durmuşa geçirýär, öñdebaryjy inženerçilik çözgütlerini ornaşdyrýar hem-de "ýaşyl" gurluşyk ýörelgelerine berk eýerýär.



Merkezi Aziýanyñ ilkinji "akylly" şäheri bolan Arkadag şäheriniñ ulag infrastrukturasynyñ döredilmegine gatnaşmaklygy muña aýdyñ mysal bolup durýar. Bu ýerde ýollar täze durnuklylyk standartlarynyñ göz öñünde tutulmagy bilen taslamalaşdyrylyp, hem raýatlar, hem-de tebigat üçin amatly gurşawy döredýär.



Önümçilik kuwwatlyklary we pudaga goldaw



"Ojar Aziýa" häzirki zaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylan önümçiligi arkaly işiñ durnukly hilini üpjün edýär. Çykarylýan önümler halkara standartlara laýyk gelýär, şeýle hem gerimli we ýerli taslamalar üçin gurluşyk tehnikasyny kärendä bermek hyzmaty hödürlenilýär.



Geljege garaýyş



"Ojar Aziýa" HK-niñ geljegi Türkmenistanyñ durnukly ösüşi, onuñ ykdysady taýdan ösmegi we şäher gurşawynyñ döwrebaplaşmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Kompaniýanyñ üstünliginiñ esasy faktorlarynyñ biri döwlet edaralary, halkara hyzmatdaşlar we hususy maýadarlar bilen netijeli hyzmatdaşlygydyr.



Şu gün "Ojar Aziýa" sanly çözgütleri ornaşdyryp, önümçilik binýadyny pugtalandyryp hem-de bazarda öñdebaryjy orunlaryny berkidip, alyp barýan işiniñ mümkinçiliklerini giñeldýär. Kompaniýanyñ maksady diñe bir ýollary we binalary gurmak däl. "Ojar Aziýa" hil, rahatlyk we binagärlik sazlaşygy utgaşýan bütewi şäher giñişliklerini döretmegi maksat edinýär.



 

Soňky täzelikler
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум