TMT Consulting Group

TÜRKMENISTAN TÄZELIKLERI

Türkmenistan täzelikleri, Aşgabatdaky işewürlik wakalary, forumlar, maýa goýumlar we TMT Consulting Group täzelikleri.
Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi
24.10.2025
Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi.



Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, institutyň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.



Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okady.



Maslahatyň dowamynda degişli ministrlikleriň ýolbaşçylary we BMG ulgamynyň edaralarynyň wekilleriniň eden çykyşlary Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň giň gerimli ugurlaryny şöhlelendirdi. Olaryň esasylarynyň hatarynda saglygy goraýyş, bilim, durmuş taýdan goraglylyk, ykdysadyýet, ekologiýa we sanly özgertmeler ýaly ulgamlar bar.



Soňra Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyna dabaraly ýagdaýda gol çekildi. Bu resminama taraplaryň geljekki döwür üçin hyzmatdaşlygynyň strategik ugurlaryny kesgitleýär.



 



Maglumat çeşmesi: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi



 

Soňky täzelikler
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум