TMT Consulting Group

TÜRKMENISTAN TÄZELIKLERI

Türkmenistan täzelikleri, Aşgabatdaky işewürlik wakalary, forumlar, maýa goýumlar we TMT Consulting Group täzelikleri.
FAO Türkmenistanda öz wekilhanasyny açar
22.01.2026
FAO Türkmenistanda öz wekilhanasyny açar

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Baş direktory Sýu Dýunýuý bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem azyk howpsuzlygy boýunça sebit derejesindäki maslahatlary guramak arkaly FAO bilen amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassykladylar. Durnukly ösüş, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler aýratyn üns merkezinde boldy, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmäge garşy göreş we howa bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezlerini döretmek baradaky Türkmenistanyň başlangyçlary nygtaldy.



Duşuşygyň esasy netijesi hökmünde Türkmenistanyň Hökümeti bilen FAO-nyň arasynda FAO-nyň Türkmenistandaky wekilhanasyny döretmek we tehniki kömek bermek baradaky Ylalaşyga gol çekildi. Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen FAO-nyň arasynda 2026-2030-njy ýyllara niýetlenen hyzmatdaşlygyň Ýurt boýunça çarçuwaly maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.



Çeşme: www.tdh.gov.tm



 



 

Soňky täzelikler
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум