
Hytaý Türkmenistana täze demir ýol ýük gatnawyny işe girizdi
Hytaýda Sinhaý (Qinghai) welaýaty bilen Gazagystanyň üsti arkaly Türkmenistany birleşdirýän täze halkara ýük demir ýol ugry işe girizildi. Täze logistika geçelgesi ýükleri 14–15 günüň dowamynda eltmäge mümkinçilik berer hem-de Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky ulag mümkinçiliklerini giňelder.
Täze ugruň işe girizilmegi halkara ulag aragatnaşyklaryny ösdürmegiň nobatdaky tapgyry hökmünde bahalandyrylýar. Bu taslama Hytaýyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň arasynda söwda hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
TMT Habarlar



