TMT Consulting Group

TÜRKMENISTAN TÄZELIKLERI

Türkmenistan täzelikleri, Aşgabatdaky işewürlik wakalary, forumlar, maýa goýumlar we TMT Consulting Group täzelikleri.
ABŞ-da “C5+1” ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda kabul edişlik geçirildi
06.11.2025
ABŞ-da “C5+1” ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda kabul edişlik geçirildi

ABŞ-nyň Döwlet Departamentinde çarşenbe güni Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda dabaraly kabul edişlik geçirildi. Benjamin Franklin adyndaky zalda geçirilen çäre Waşingtonda geçirilýän "C5+1" görnüşindäki duşuşygyň çägindäki esasy wakalaryň biri boldy. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet Departamenti habar berýär.



Çäräniň dowamynda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau, Senatyň Halkara gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Jeýms Riş, ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Serjio Gor hem-de ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio çykyş etdiler.



Çykyşlaryň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. ABŞ-nyň resmi wekilleri sebitiň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge, şeýle hem ykdysady hem-de maýa goýum taslamalaryny goldamaga taýýardyklaryny aýtdylar.



“C5+1” formatynyň 10 ýyllygyna bagyşlanan bu çäre Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň ýokary derejeli duşuşyklarynyň möhüm bölegi boldy.



“C5+1” formaty 2015-nji ýylda esaslandyrylyp, Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek üçin köptaraplaýyn mehanizm hökmünde hereket edýär. Bu maksatnama ykdysady ösüş, sebitleýin hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk meselelerini üns merkezinde saklaýar.



 



Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan

Soňky täzelikler
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум