TMT Consulting Group

TÜRKMENISTAN TÄZELIKLERI

Türkmenistan täzelikleri, Aşgabatdaky işewürlik wakalary, forumlar, maýa goýumlar we TMT Consulting Group täzelikleri.
«TMT Consulting Group» we «Amatly Çözgüt» Türkmenistanda akylly şäherleri we oba hojalygyny ösdürmek üçin «Meteoblue» bilen hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy
23.05.2026
«TMT Consulting Group» we «Amatly Çözgüt» Türkmenistanda akylly şäherleri we oba hojalygyny ösdürmek üçin «Meteoblue» bilen hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

«TMT Consulting Group» we «Amatly Çözgüt» kompaniýalarynyň wekilleri häzirki zaman meteorologik çözgütler we howa maglumatlaryny seljermek tehnologiýalary boýunça ýöriteleşen Şweýsariýanyň «Meteoblue» kompaniýasy bilen duşuşyk geçirdiler. Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny, şeýle hem kompaniýanyň innowasion çözgütlerini akylly şäherler we oba hojalyk taslamalarynda ulanmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda «Meteoblue»-nyň tehnologiýalaryny we tejribesini «smart city» infrastrukturasyny gurmak we ösdürmek, daşky gurşawy gözegçilikde saklamak hem-de oba hojalyk pudagynyň netijeliligini ýokarlandyrmak ugurlarynda ulanmak meselelerine aýratyn üns berildi. Kompaniýa emeli aň tehnologiýalarynyň kömegi bilen ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda giňden ulanylýan howa we klimat maglumatlaryny ýygnamak hem-de seljermek üçin ýöriteleşdirilen enjamlary we sanly çözgütleri işläp taýýarlaýar.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistandaky hyzmatdaşlyk meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar «TMT Consulting Group»-yň «Meteoblue»-nyň Türkmenistandaky enjamlary, tehnologik çözgütleri we degişli hyzmatlary üpjün etmek boýunça resmi hyzmatdaşyna öwrülmek mümkinçiligine garadylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga we Türkmenistanyň sanly infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdiler.



TMT Habarlar

Soňky täzelikler
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум