TMT Consulting Group

TÜRKMENISTAN TÄZELIKLERI

Türkmenistan täzelikleri, Aşgabatdaky işewürlik wakalary, forumlar, maýa goýumlar we TMT Consulting Group täzelikleri.
Germaniýada Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri geçiriler
18.10.2025
Germaniýada Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri geçiriler


Germaniýanyň Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günlerini geçirmek meýilleşdirilýär. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly,  bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda aýdyldy. Wise-premýer bu halkara çäre boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.



Bellenilişi ýaly, forumda  Türkmenistanyň nebitgaz we himiýa senagaty pudaklarynda maýa goýum taslamalary, häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalary we dokma senagatyndaky innowasiýalar, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamlarynyň ösüşi, şol sanda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteri bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar.



Şeýle hem forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň guralmagy we işewür hyzmatdaşlygyna degişli resminamalara gol çekilmegi meýilleşdirilýär.



Häzirki wagtda bu foruma gatnaşmak üçin Germaniýanyň dürli ugurlarda iş alyp barýan 50-den gowrak edara-guramalary, kompaniýalary hasaba alyndy.



Wise-premýer Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günlerini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň, bank edaralarynyň, «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň, Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmaklarynyň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.



Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp,  Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy.



Döwlet Baştutany wise-premýere söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, Germaniýa Federatiw Respublikasynda Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günlerini ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede guramagy tabşyrdy.



Ýaýlym çeşmesi: turkmenportal.com



Soňky täzelikler
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум