TMT Consulting Group

TÜRKMENISTAN TÄZELIKLERI

Türkmenistan täzelikleri, Aşgabatdaky işewürlik wakalary, forumlar, maýa goýumlar we TMT Consulting Group täzelikleri.
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan lomaý-paýlaýyş merkezlerini ulgamyny döreder
28.08.2025
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan lomaý-paýlaýyş merkezlerini ulgamyny döreder

Azerbaýjan, Özbegistan we Türkmenistan durnukly söwda-logistika zynjyrlaryny ösdürmek maksady bilen bilelikdäki lomaý-paýlaýyş merkezleriniň ulgamyny döretmegi meýilleşdirýärler. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Laziz Kudratow 22-nji awgustda Awazada geçirilen “Türkmenistan–Azerbaýjan–Özbegistan” üçtaraplaýyn duşuşygynyň çäklerinde “Özbegistan-24” teleýaýlymyna beren interwýusynda mälim etdi.



Soňky ýyllarda Özbegistanyň Türkmenistan we Azerbaýjan bilen ykdysady gatnaşyklary işjeň ösdürilýär. Özbegistanyň iki ýurt bilen hem söwda dolanşygynyň iki esse artmagy we onuň takmynan 40 göterimini senagat önümleriniň düzmegi, ykdysady hyzmatdaşlygyň ýokary depginde ösýändigini görkezýär.



Duşuşykda ýurtlar söwda we senagat ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýoluny kesgitlediler. Üç ýurduň söwda ministrlikleri bolsa bu maksat bilen durnukly söwda-logistika zynjyrlaryny döretmäge gönükdirilen bilelikdäki meýilnamalary işläp taýýarlamaga girişdiler.



Meýilnama lomaý-paýlaýyş merkezleriniň ulgamyny döretmegi, önümleriň üç ýurduň bazarlaryna ýerlenilmegini ýeňilleşdirmäni, fitosanitar we karantin talaplaryny utgaşdyrmagy, harytlaryň sanly bellik ulgamyny ornaşdyrmagy, şeýle hem elektron söwdany we telekeçileriň arasyndaky gönüden-göni sebitara gatnaşyklary ösdürmegi göz öňünde tutýar.



Meýilnama üç ýurt üçin lomaý-paýlaýyş merkezleriniň ulgamyny döretmegi, önümleriň bazarlara ýerlenilmegini ýeňilleşdirmegi, gök önümleriniň we azyk harytlarynyň howpsuz eksport-import edilmegini kadalaşdyrýan fitosanitar we karantin düzgünlerini üç ýurduň arasynda utgaşdyrylan bitewi bir görnüşde girizmegi, harytlary sanly usulda belgilemegi, şeýle hem elektron söwdany we telekeçileriň arasyndaky gönüden-göni sebitara gatnaşyklary ösdürmegi öz içine alýar.



Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan bilelikdäki kärhanalary döretmegi hem ylalaşdylar.



 



Magumat çeşmesi: Business Turkmenistan

Soňky täzelikler
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум