
Afghan Voice Agency habary görä, Geratda ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek, ýük daşamalaryny ýeňilleşdirmek we administratiw päsgelçilikleri azaltmak boýunça türkmen-owgan gepleşikleri geçirilýär. Taraplar serhetüsti ýük daşamalaryny çaltlaşdyrmak we sebitdäki haryt dolanyşygyny giňeltmek boýunça çäreleri hem ara alyp maslahatlaşýarlar.
Gepleşiklerde «Lazurit geçelgesini», Türkmenistan — Gerat demir ýol ugruny we serhetýaka infrastrukturasyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi işewürlik üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmäge, söwda akymlaryny giňeltmäge we ulag-logistika pudagynda maýa goýum taslamalaryny ösdürmäge şert döreder.



