TMT Consulting Group

TÜRKMENISTAN TÄZELIKLERI

Türkmenistan täzelikleri, Aşgabatdaky işewürlik wakalary, forumlar, maýa goýumlar we TMT Consulting Group täzelikleri.
Türkmenistan–Eýran: onlaýn we offlaýn söwda meýdançalarynyň döredilmegi maslahatlaşyldy
13.10.2025
Türkmenistan–Eýran: onlaýn we offlaýn söwda meýdançalarynyň döredilmegi maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň işewür wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. 



Duşuşykda işewür hyzmatdaşlygy has-da ýygjamlaşdyrmak babatda anyk teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.



Demirgazyk Horasan welaýatynyň işewür wekiliýeti 2025-nji ýylyň maýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen şäherinde Türkmenistanda öndürilen harytlaryň  sergisiniň ýokary derejede geçirilendigini bellediler. Şeýle hem myhmanlar Bojnurd şäherinde sergi geçirmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini, Türkmenistanda öndürilen harytlaryň sergisini geçirmek üçin Bojnurd şäheriniň geografik ýerleşişiniň hem logistika tarapdan amatly boljakdygyny nygtadylar.  



Duşuşykda eksport, import amallary, online, offline görnüşdäki iş meýdançalary döretmek we önüm öndürijileriň maglumatlaryny ýerleşdirmek baradaky tekliplere hem garaldy.



Taraplar iki ýurduň söwda-yksady işewür hyzmatdaşlygynyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.



 



Maglumat çeşmesi: Business Turkmenistan

Soňky täzelikler
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
В Ашхабаде в октябре состоится международный инвестиционный форум TIF 2026
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
На туркмено-иранской границе модернизирован таможенный пост «Сарахс автоёллары»
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
Туркменистан и ЕБРР подписали пакет соглашений о стратегическом партнерстве
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум
В Ашхабаде пройдет туркмено-узбекский бизнес-форум