
Moskwada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär.
Mejlisiň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, energetika, ulag, senagat, oba hojalygy, maliýe, gümrük we sanly tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, sport we daşky gurşawy goramak ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine garalmagy meýilleşdirilýär.
Häzirki wagtda mejlise taýýarlyk işleri alnyp barylýar we toparyň türkmen tarapynyň düzümi emele getirilýär.



